Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

photo

2025-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Duşuşyga “Buig” kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig, «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andre hem gatnaşdylar.

Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Marten Buig ykdysady ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanda işlemegiň ýolbaşçylyk edýän düzümi üçin uly mertebedigini belläp, daşary ýurt kompaniýalaryna, şol sanda “Buig” kompaniýasyna türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaga döredilýän şertler üçin hoşallygyny beýan etdi.

Marten Buig Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşygyň örän netijeli bolandygyny, onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki täze ugurlary barada pikir alşylandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz myhmanlary mähirli mübärekläp hem-de gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, “Buig” kompaniýasynyň onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistan 30 ýyldan gowrak wagt bäri bu düzüm bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär. Kompaniýa bilen özara hyzmatdaşlyk türkmen-fransuz gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär.

 “Türkmenistan abraýly kompaniýalar bilen uzak möhletli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Elbetde, şeýle hyzmatdaşlaryň hatarynda “Buig” kompaniýasy hem bar” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Marten Buig bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde-de öz şertnamalaýyn borçnamalaryny birkemsiz berjaý etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryna işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.