Päkistanyň sebitleýin ykdysady forumy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär
2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Päkistanyň sebitleýin ykdysady forumynyň (PREF) başlygy Harun Şarifiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow prezentasiýa arkaly Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty, ýurduň energiýa kuwwaty we logistika mümkinçilikleri barada gürrüň berip, sebitara energiýa we infrastruktura taslamalarynyň Päkistanyň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we sebit arabaglanyşygyny berkitmek üçin strategiki ähmiýetini nygtady. 2025-nji ýylyň awgust aýynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýeti aýratyn bellenip geçildi.
Päkistan wekiliýeti Türkmenistan bilen energiýa, söwda we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirip, Yslamabadyň şeýle taslamalara gatnaşmagynyň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk we ykdysady arabaglanyşyk üçin täze mümkinçilikleri döredýändigi barada aýtdy. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde hususy pudagyň esasy orny eýelemelidigi barada nygtaldy.
Taraplar halkara sergilere we önümçilik forumlara gatnaşmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek hem-de maýa goýum we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly geljegi uly başlangyçlary durmuşa geçirmäge iki ýurduň telekeçileriniň we kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmäge ýardam bermek barada ylalaşdylar.