Medeni gatnaşyklary güýçlendirmek: Türkmenistanyň ilçisi Päkistanyň Milli miras we medeniýet Federal ministri bilen duşuşyk geçirdi
2025-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi A.Möwlamow bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň Milli mirasy we medeniýet Federal ministri jenap Aurangzeb Han Hiçiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar medeni alyş-çalyş arkaly iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek isleýändiklerini tassykladylar. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanda we Päkistanda Medeniýet günleri, sergiler we halk döredijiligi festiwallary ýaly bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Duşuşyk özara düşünişmegi çuňlaşdyrmak we ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin ýene bir ädim boldy.