Türkmen wekiliýeti Sebitleýin ulag ministrleriniň konferensiýasyna gatnaşdy

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 23–24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Awtomobil ulag ministrliginiň Halkara gatnaşyklar we logistika bölüminiň başlygy Kakajan Ýagmyrowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmen wekiliýeti Päkistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan Yslamabat şäherinde gurnalan Sebitleýin ulag ministrleriniň konferensiýasyna (RTMC 2025) gatnaşdy.

Konferensiýanyň dowamynda Türkmen wekiliýeti öz çykyşynda ýurdumyzyň üstaşyr, ulag we logistika mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Şeýle hem, Türkmenistanyň sebitde möhüm ulag geçelgesi bolup durýandygy hem-de demir we awtomobil ýollary, deňiz portlary, logistika merkezleri ýaly döwrebap ulag infrastrukturalarynyň yzygiderli ösdürilýändigi aýratyn nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ulag we logistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda hem-de durnukly ulag ulgamlaryny ösdürmäge, sebitara geçelgeleri birleşdirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny ilerletmekde üstünlikli işleri amala aşyrýar.

Şeýle-de, Türkmen wekiliýeti Päkistan bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, sebitleýin arabaglanyşygy giňeltmek hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny mälim etdi.

Konferensiýa sebitiň ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň özara arabaglanyşygy ösdürmegiň we sebitleýin ykdysady integrasiýany ilerletmegiň möhüm guraly hökmünde ulag-logistika hyzmatdaşlygyny  has-da ösdürmäge bolan ygrarlylygyny ýene-de bir gezek tassyklady.