Mawrikiý Respublikasynyň Päkistana täze bellenen Ilçisi Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy
2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A.Möwlamow Mawrikiý Respublikasynyň Päkistana täze bellenen Ilçisi Munsu Kurrimbakkus bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitleýin ýagdaýlar boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ilçisi ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmagy berkitmäge, durnuklylygy saklamaga we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň parahatsöýüjilikli hemişelik Bitaraplygyň syýasaty barada gürrüň berdi. Şeýle hem ol Aşgabat şäherinde ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň işine ünsi çekip, onuň sebit döwletleriniň arasynda gepleşikleri geçirmekdäki, dawalary parahatçylykly ýollar bilen çözmekdäki we özara ynanyşmagy berkitmekdäki möhüm ornuny belläp geçdi.
Soňra taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar we syýasy, ykdysady hem-de ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Duşuşygyň ahyrynda Ilçi A. Möwlamow Mawrikiý Respublikasynyň täze bellenilen Ilçisi M.Kurrimbakkusa Päkistandaky diplomatik wezipesinde üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistan bilen Mawrikiý Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da pugtalanjakdygyna ynam bildirdi.