Yslamabatda Türkmenistanyň we Daniýanyň Ilçileri sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Daniýa Patyşalygynyň Päkistana täze bellenen Ilçisi hanym Maýa Mortensen Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna baryp, ol ýerde Türkmenistanyň Ilçisi A. Möwlamow bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar sebitdäki häzirki ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşyp, parahatçylyk, durnuklylyk we durnukly ösüş meselelerine ünsi çekdiler.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Ilçisi döwletleriň arasyndaky ynamy berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen Bitarap Türkmenistanyň parahatçylykly daşary syýasaty barada gürrüň berdi. Şunuň bilen bagly, ol sebitde özara arabaglanyşygy we ykdysady integrasiýany pugtalandyrmaga goşant goşýan Türkmenistanyň durmuşa geçriýän sebitara energiýa we infrastruktura başlangyçlarynyň möhümdigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi A. Möwlamow Maýa Mortensene Päkistandaky diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi we onuň Türkmenistan bilen Daniýa Patyşalygynyň arasyndaky özara düşünişmegi we dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.