Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda türkmen-päkistan hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Diplomatik we strategik derňewler merkeziniň esaslandyryjysy we başlygy Mohammed Uzair Rana bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar sebitdäki ýagdaýlar barada pikir alyşdylar. Türkmen tarapy Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylary tarapyndan öňe sürlen sebitde we onuň daşynda parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen infrastruktura taslamalary barada prezentasiýa görkezdi.
Taraplar iki ýurduň arasynda energetika pudagynda, şol sanda TOPH gaz geçirijisini we TOP elektrik geçirijisini durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny bellediler. Bu taslamalaryň durnukly ykdysady ösüş, energiýa howpsuzlygy hem-de Günorta we Merkezi Aziýada özara arabaglanyşygy berkitmek üçin esas bolup hyzmat etjekdigi bellenildi.
Mohammed Uzair Rana bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Päkistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň we iki ýurduň energiýa arabaglanyşygyny pugtalandyrmagyň möhüm faktory boljakdygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar mundan beýläk-de gatnaşyklary dowam etmäge taýýardyklaryny tassyklap, iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin ulgamlaýyn gepleşikleriň zerurdygyny nygtadylar.