Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda BAE-niň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda BAE-niň Päkistandaky Ilçisi Salem Mohammad Salem Alzaabi Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow bilen duşuşdy.
Duşuşykda Türkmen Ilçisi BAE-niň Ilçisini Päkistanyň Prezidenti Asif Ali Zardarä ynanç hatyny gowşurmagy bilen gutlady. Şeýle hem, ol BAE-niň Ilçisine diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Söhbetdeşlikde Yslamabatdaky diplomatik korpusyň işleri, geljekki meýilnamalar we Päkistanyň hökümet edaralary bilen gatnaşyklar ýaly mesleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Olar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklap, gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine bil baglaýandyklaryny mälim etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary dowam etmek we diplomatik korpusyň çäginde hyzmatdaşlygy berkitmek barada ylalaşyldy.