Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary başlandy

photo

2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.

Döwlet Baştutanyny Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.