Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Awstraliýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Awstraliýanyň Päkistanda täze bellenen Ilçisi Tim Keýn Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow bilen duşuşdy.

Türkmen Ilçisi awstraliýaly kärdeşini ýakynda Päkistanyň Prezidenti Asif Ali Zardarä Ynanç hatyny gowşurmagy bilen gutlady we Päkistandaky işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar häzirki sebit ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşyp, sebitde we dünýäde parahatçylygy, ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Ilçi A.Möwlamow Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň esasy özeni bolan hemişelik Bitaraplyk syýasaty barada belläp, ýurduň hökümet ýolbaşçylarynyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan halkara energiýa taslamalary barada gürrüň berdi.

Awstraliýanyň Ilçisi sebitleýin arabaglanyşygy, durnukly söwda we üstaşyr ýollary ösdürmek boýunça Türkmenistanyň alyp barýan tagallalaryna ýokary baha berdi.

Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiliklerini maslahat edip, umumy gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Päkistandaky Diplomatik korpusyň çäginde yzygiderli aragatnaşyk saklamak we hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.