Parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen Päkistanyň Milli Assambleýasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Ilçihanasyna bardy

img
img
img
img
img
img

11-nji fewralda Päkistanyň Milli Assambleýasynyň agzasy we Päkistan–Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Sanjaý Perwaniniň ýolbaşçylygyndaky Päkistanyň Milli Assambleýasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki Ilçihanasyna bardy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar doganlyk ýurtlaryň arasynda ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem myhmanlara “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygar astynda geçýän şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda meýilleşdirilýän çäreler barada maglumat berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar parlament diplomatiýasyny ösdürmäge hem-de iki döwletiň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda yzygiderli iş gatnaşyklaryny saklamaga bolan özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.