Türkmenistanyň Ilçisi Päkistanyň Ykdysadyýet ministrliginiň sekretary bilen ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy maslahat etdi
24-nji fewralda Päkistanyň Ykdysadyýet ministrliginde Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A. Möwlamow Ykdysadyýet ministrliginiň Sekretary Muhammed Humair Karim bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda taraplar türkmen–päkistan söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasan hem energiýa, ulag we üstaşyr ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, şol sanda bilelikdäki energiýa we infrastruktura taslamalary ilerletmek bilen baglanyşykly meselelere seredildi.
Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny tassyklap, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça tagallalary utgaşdyrmaga taýýardyklaryny nygtadylar.