Yslamabatda Türkmenistanyň we Efiopiýanyň Ilçileri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşdylar

img
img
img
img

20-nji fewralda Türkmenistanyň Ilçisi A. Möwlamow Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Päkistana täze bellenen ilçisi Omer Huseýn Obany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmen Ilçisi kärdeşini täze wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa Päkistandaky diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar Türkmen–Efiopiýa gatnaşyklaryny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, syýasy dialogy giňeltmäge we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny tassykladylar. Hususan-da, ulag we ykdysady arabaglanyşyk meselelerini öz içine alýan häzirki sebit ýagdaýlaryna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge hem-de halkara giňişliginde tagallalary utgaşdyrmagy dowam etdirmäge ynam bildirdiler.