img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmen-Päkistan duşuşygynda parlament diplomatiýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk üns merkezinde

img
img
img
img
img
img

26-njy fewralda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Päkistanyň Senatynyň agzasy Çaudri Abid Şer Aliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini, özara haryt dolanyşygyny artdyrmagyň ugurlaryny, şeýle hem syýahatçylyk, medeniýet, bilim we ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda we bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmekde möhüm gural hökmünde parlament diplomatiýasynyň ornuna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Päkistanyň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.