Türkmenistanyň Prezidenti Päkistanyň hökümet ýolbaşçylaryna Halkara Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglaryny iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Päkistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardara hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şehbaz Şarife Halkara Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutany öz gutlag hatlarynda parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, raýdaşlygy we tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy alamatlandyrýan Nowruz baýramy täze günüň, täze başlangyjyň buşlukçysy bolup durýandygyny belläp, halklaryň arasynda agzybirligi we dostlugy pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedigini nygtaldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Päkistanyň hökümet ýolbaşçylary we Päkistanyň halky üçin bu ajaýyp baýramyň bagtyýarlygyň, şatlygyň we täze üstünlikleriň baýramyna öwrülmegini arzuw etdi.