Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Portugaliýanyň täze Ilçisi bilen duşuşyk
2026-njy ýylyň 25-nji martynda Portugaliýanyň Päkistana täze bellenilen Ilçisi Paulo Migel Guedes Dominges Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçisi bilen duşuşdy.
Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Ilçisi A. Möwlamow portugaliýaly kärdeşini täze wezipä bellenilmegi bilen mähirli gutlap, oňa Päkistandaky diplomatik işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra, taraplar Diplomatik korpusyň işi hem-de Päkistanyň döwlet we hususy edaralary bilen aragatnaşyk bilen bagly meseleler barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Diplomatik korpusyň çäginde yzygiderli aragatnaşygy saklamaga bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.