img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Yslamabatda Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda bilim we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A. Möwlamow Päkistanyň Milli häzirkizaman dilleri uniwersitetine baryp, bu ýokary okuw jaýyň rektory Şahid Mahmud Kaýani bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda türkmen-päkistan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Hususan-da, akademiki gatnaşyklary giňeltmek, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we bilelikdäki bilim hem-de ylmy taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmakda bilim we medeni alyşmalaryň möhüm orun eýeleýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki halkyň dil hem-de medeni mirasyny öwrenmegiň we wagyz etmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar hem-de akademiki we medeni gatnaşyklary giňeltmegiň Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdiler.