img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Yslamabatda Türkmenistan bilen Päkistanyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A. Möwlamow bilen Päkistanyň Ýokary bilim komissiýasynyň başlygy Niaz Ahmad Ahtaryň arasynda duşuşyk geçirilip, onda bilim, ylym we akademiki alyşmalar ugurlarynda türkmen-päkistan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar dürli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýokary bilim, ylmy-barlag işleri we hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýändigini nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, talypdyr alymlaryň alyş-çalyşyny giňeltmek, şeýle hem bilelikdäki bilim we ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bilim, ylym we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.