img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Niderlandlarda türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy boldy

photo

Niderlandlar Patyşalygynda geçirilýän ahalteke atlarynyň gözellik we atçylyk sportunyň dünýä çempionatynyň çäginde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň dabaraly tanyşdyrylyşy boldy.

Bu çäre Wenraý şäherindäki "Asteriýa" myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirildi we oňa Türkmenistanyň hem-de Ýewropanyň ylmy jemgyýetçiliginiň, atçylyk edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Bütindünýä atçylyk sport çempionatynyň çäginde Gahryman Arkadagymyzyň kitabynyň niderland dilinde çap edilip çykarylmagy, Ýewropa yklymynda türkmen bedewleriniň hormatyna geçirilýän giň gerimli çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Gatnaşyjylaryň bellemegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow milletiň asyrlar aşan taryhy we özboluşly milli gymmatlyklary barada bahasyna ýetip bolmajak maglumatlary öz içine alýan düýpli ylmy işleri ýazdy. Bu eserleriň köpüsi eýýäm dünýä dillerine terjime edildi.

Awtoryň ahalteke bedewlerine milli buýsanjyň nyşany hökmünde uly hormat goýup, öz edebi döredijiliginde olary ylham bilen wasp edýär, ykbaly asyrlar aşan taryh bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan türkmen halkynyň wepaly hemralaryny köpeltmegiň we seýislemegiň nesilden-nesle geçip gelýän däplerini giňden şöhlelendirýär.

Kitabyň niderland dilinde neşir edilmegi okyjylar we ugurdaş hünärmenler üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu iş diňe bir atlar baradaky bilimleri giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem atçylyk medeniýetini hem baýlaşdyrýar, atyň ähli döwürlerde-de ynsanyň wepaly dostudygyny we ygtybarly hemrasydygyny ynandyryjy suratda subut edýär.

Neşirde beýan edilen milli däp-dessurlar we baýramçylyk dabaralary daşary ýurtly okyjylarda Türkmenistanyň örän baý ruhy mirasyna bolan hakyky gyzyklanmany oýarýar.