Türkmenistanyň Ilçisi Yslamabatda geçirilen LCCI-niň kabul edişliginde Baş myhman hökmünde çykyş etdi
2026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A. Möwlamow Yslamabat şäherindäki “Serena” myhmanhanasynda Lahor Söwda-senagat edarasy (LCCI) tarapyndan Päkistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň Ilçileri üçin gurnalan “Ambassadors’ Dinner 2026” çäresine Baş myhman hökmünde gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda LCCI-niň prezidenti we wise-prezidentleri diplomatik korpusyň wekillerine çärä gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, Söwda-senagat edarasynyň gazanan sepgitleri barada maglumat berdiler hem-de Päkistanyň sebit ýurtlary we dünýäniň beýleki döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek üçin bar bolan uly mümkinçiliklere ünsi çekdiler.
Türkmenistanyň Ilçisi A. Möwlamow diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň adyndan çykyş edip, çäräni gurnaýjylara myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Penjab welaýatynyň we Lahor şäheriniň işewürler jemgyýetiniň eksporty ösdürmekde, maýa goýumlary çekmekde, täze iş orunlaryny döretmekde we ykdysady ösüşe goşant goşmakda möhüm ornuny belledi.
Türkmenistanyň sebit syýasaty barada durup geçip, ol ýurduň hökümet ýolbaşçylarynyň sebitara özara baglanyşygy pugtalandyrmaga, şol sanda sebit ýurtlarynyň arasynda ulag-aragatnaşyk ugurlaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, “Arkadagyň ak ýoly” diýlip atlandyrylan bitewi üstaşyr we energetika geçelgesini döretmek, şeýle hem TOPH we TOP taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler aýratyn bellenildi.
Ilçi A.Möwlamow şu ýyl TOPH gaz geçirijisiniň strategiki ähmiýetli Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirilýändigini belläp, munuň 2027-nji ýylda Owganystana tebigy gazyň akdyrylyp başlamagy üçin zerur şertleri döretjekdigini aýtdy. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sebitde has arassa energiýanyň ygtybarly üpjünçiligini ýola goýmaga, şol bir wagtyň özünde Päkistanyň senagat kuwwatyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döretmäge we durnukly ykdysady ösüşe goldaw berjekdigi bellenildi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Ilçisi A. Möwlamow dünýäniň beýleki ýurtlary ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem Päkistan bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, ulag-üstaşyr ugurlaryny kämilleşdirmäge we uzak möhletleýin, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge barha artýan gyzyklanmasyna hem ünsi çekdi.
Sözüniň ahyrynda A. Möwlamow bu çäräniň Päkistan bilen halkara işewürler jemgyýetiniň arasynda has ýakyn gatnaşyklary we anyk hyzmatdaşlyk ugurlaryny ýola goýmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Çäre täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek we özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança boldy.