Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasynda Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlanan tegelek stol geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňümizdäki mejlisine bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Çärä Päkistanyň Ýaşlar Parlamentiniň Prezidenti Ubaid Ur Rehman Kureşiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda 23-nji sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti barada pikir alşyldy. Öňümizdäki mejlisiň ýurduň gazanan üstünliklerine nazar salmak we onuň durmuş-ykdysady ösüşiniň geljekki ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek babatda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka boljakdygy bellenildi.
Şeýle hem Halk Maslahatynyň mejlisiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy. Mejlisiň milli Garaşsyzlygyň ösüş ýyllarynda ýurduň gazanan esasy üstünliklerini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem öňümizdäki ýyllar üçin ileri tutulýan ugurlary we maksatlary kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigi bellenildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň ähmiýetine hem aýratyn üns berildi. Bu başlangyjyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylandygy, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň kabul edilendigi we oňa 78 döwletiň awtordaş bolup çykyş edendigi bellenildi.
Päkistanyň Ýaşlar Parlamentiniň wekilleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, özara hormat we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan yzygiderli, parahatçylyk söýüjilikli we konstruktiw daşary syýasatyna ýokary baha berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň ýaşlar we parlament edaralarynyň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, tejribe alyşmagy giňeltmäge, şeýle hem Türkmenistanyň we Päkistanyň arasynda dost-doganlygy, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlara ýardam bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.