img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk dabaralary Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden ýaýbaňlandyryldy

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

27-nji sentýabrda - Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününde Päkistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi öz resmi X sahypasynda Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we rowaçlyk, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen maglumat kampaniýasynyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 25–27-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky gazanan üstünliklerini görkezýän wideo Yslamabat şäheriniň iň iri we köp adamly söwda merkezi bolan “The Centaurus Mall”-yň, şeýle hem toplumyň çäginde ýerleşýän “Mövenpick” myhmanhanasynyň daşky fasad ekranynda görkezildi. Bu başlangyç şanly senä bagyşlanan maglumatlaryň Päkistanyň paýtagtynyň iň meşhur we köpadamly ýerleriniň birinde giň köpçülige ýetirilmegine mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Iňlis we urdu dillerindäki Päkistanyň merkezi döwlet teleýaýlymy “Pakistan TV”, öňdebaryjy hususy teleýaýlymlaryň biri bolan “Hum News”, şeýle hem “Diplomatic Insight” ýaly birnäçe habar agentlikleri we onlaýn media serişdeleri öz web sahypalarynda we sosial media platformalarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreler bilen bagly habarlary efirde görkezdiler hem-de makalalary ýerleşdirdiler.

Media serişdelerinde berlen maglumatlar arkaly päkistan halkynyň dykgatyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi, şeýle hem Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda ýola goýlan köpýyllyk dost-doganlyk gatnaşyklary barada giňişleýin maglumat ýetirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirilmegi, şeýle hem Yslamabadyň merkezinde geçirilen maglumat kampaniýasy we Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi gutlagy bu şanly senä berilýän ähmiýeti aýdyň görkezdi. Şeýle-de bu çäreler iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegiň we dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna goşant goşdy.

Bu şanly sene mynasybetli Päkistanyň döwlet edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, raýat jemgyýetiniň we işewür toparlarynyň köp sanly wekilleri Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki Ilçihanasyna özleriniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny iberdiler. Olar Türkmenistana parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk, Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary bolsa mundan beýläk-de pugtalandyrmak we yzygiderli ösdürmek baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy ähli päkistanly dostlara, döwlet edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de beýleki jemgyýetçilik wekillerine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli mähirli we tüýs ýürekden gutlaglaryny iberendikleri we Türkmenistan babatdaky oňyn garaýyşlary üçin özüniň çuňňur minnetdarlygyny bildirýär.