Yslamabatda Türkmen diplomatlary Päkistan-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň agzalary bilen duşuşdylar
2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Yslamabat şäherinde Päkistanyň Parlamentinde türkmen diplomatlary Päkistan-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň başlygy Sanjaý Perwaniniň ýolbaşçylygynda bu toparyň agzalary bilen duşuşyk geçirdiler.
Duşuşygyň dowamynda taraplar özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-päkistan gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýetini nygtap, parlamentara dialogy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini bellediler.
A. Möwlamow şu ýylyň oktýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreler barada gürrüň berdi. Ol bu çäreleriň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda we sebitara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar türkmen-pakistan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, parlament diplomatiýasyny ösdürmäge we iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.