img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Yslamabatda Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda ýokary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi

img
img
img
img

4-nji noýabrda Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi Atajan Möwlamow Päkistanyň Ýokary bilim boýunça komissiýasynyň başlygy, professor, doktor Niaz Ahmad Ahtar bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda ýokary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, ylaýta-da Türkmenistanda urdu dilini öwretmek, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek bilen bagly meselelere seredildi.

Taraplar bilim, ylym, dini we medeni ugurlardaky hyzmatdaşlygy, akademiki alyş-çalşygy işjeňleşdirmäge hem-de iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.