TÜRKMENISTAN BILEN MAROKKO PATYŞALYGY KÖPTARAPLY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞINE YGRARLYDYGYNY BELLEDILER

2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Daşary işler ministriliginde Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Marokko Patyşalygynyň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň Döwlet sekretary Muniýa Busettanyň ýolbaşçylygynda wekiliýeti Aşgabada geldi.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-marokko gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda, şol sanda, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhümdigini bellediler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Marokkonyň Patyşasy Muhammet VI parasatly ýolbaşçylygynda iki ýurduň gatnaşyklary yzygiderli berkidilýär.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagyna itergi berýän ýokary derejeli ikitaraplaýyn saparlaryň guralmagynyň möhümdigini nygtadylar. Şeýle-de, döwletleriň halkara guramalarynyň çäklerinde, ilkinji nobatda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi barada hem bellenilip geçildi. Diplomatlar özleriniň global gün tertibiniň derwaýys meselelerine garaýyşlarynyň birmeňzeşligi we Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasaty barada belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, marokko tarapy sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamakda ornunyň ulydygyny nygtady. Hökümetara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we şertnama-hukuk esasynyň berkidilmegi barada aýdylanda, taraplar geljekki ýyllaryň hyzmatdaşlygy üçin «Ýol kartasynyň» işlenilip düzülmeginiň möhümdigini bellediler.

Diplomatlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, şol sanda, energetika, dokma we himiýa senagaty, oba hojalygy we beýleki ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleriniň üstünde durup geçdiler. Işewürler wekiliýetlerini alyşmagyň, bilelikde forumlaryň we çäreleriň guralmagynyň möhümdigi bellenildi.

Şeýle hem, taraplar medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Bilim, syýahatçylyk, atçylyk, halyçylyk ulgamlarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada tekliplere seredildi.

Hanym Muniýa Busetta türkmen tarapyna Marokkonyň wekilýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň ýokary derejede guralmagy bilen bagly öz minnetdarlygyny bildirdi we ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady.

Geňeşmeleriň netijesinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.