Yslamabatda türkmen-şweýsar hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki Ilçihanasynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi Atajan Möwlamow bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky täze Ilçisi Stefan Reýiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda Owganystandaky häzirki ýagdaýlar babatda pikir alyşdylar.
Şeýle hem, duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda türkmen-şweýsar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň we giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bitaraplyk syýasatyna ygrarly döwletler hökmünde Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň sebitde we onuň çäklerinden daşarda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda mümkinçiliklere eýedikleri bellenildi.