AŞGABATDA «KORONARIWUS ÝOKANJYNYŇ PANDEMIÝASYNA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA HÄZIRKI ÝAGDAÝLARA SYN» ATLY BRIFING GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Koronariwus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça häzirki ýagdaýlara syn» atly brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň hem-de beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň tanymal syýasatşynaslary, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýerli we ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar. Şeýle hem çärä sanly wideoaragatnaşyk arkaly birnäçe daşary ýurtlaryň KHBS-niň wekilleri hem gatnaşdylar.

Öz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň işjeň dowam etdirilýändigini aýratyn nygtady. Bu işlerde BMG we onuň ýöriteleşdirilen eadaralary, hususan-da BSGG utgaşdyryjy orun eýeleýändirler. Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky Ýurt boýunça wekilhanasy bilen birlikde şu ýylyň iýul aýynyň başynda BSGG-nyň bilermenleriniň missiýasyny kabul etmäge taýýarlyk görýandigi bellenilip geçildi. Ministr şonuň ýaly-da ýurdumyzyň syýasy-diplomatik ugry boýunça geçirilýän möhüm çäreler dogrusynda hem durup geçdi. Hususan-da bu ugurda «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» formatyndaky, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň, ÝHHG-nyň ugry boýunça geçirilen duşuşyklaryň aýratyn netijeli bolandygy hem nygtalyp geçildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow möwsümleýin keseller boýunça öňüni alyş epidemiologiki ugurly toplumlaýyn gözegçilik we barlag amallary hakynda gürrüň etmek bilen, Türkmenistanyň SG we DSM-niň edaralary hem-de gulluklary tarapyndan, aýratyn hem Döwlet arassaçylyk-epidemiologiýa gullugy tarapyndan bu ýokanjyň ýurdumyzyň çägine getirilmeginden we ýaýramagyndan goraglylygy boýunça döwletimiziň içinde durmuşa geçirilýän ähmiýetli öňüni alyş çäreleri barada giňişleýin belläp geçdi. Ministr biziň ýurdumyzyň aýratyn howply ýokanç hem-de ýokanç däl keselleriniň ýaýramagyna garşy göreş ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy kliniki merkezleri we lukmanlary bilen tejribeleri hem-de bilimleri alyşmak babatynda işjeň özarahereket edýändigini hem aýratyn nygtady.

Öz çykyşynyň barşynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky Ýurt boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy Paulina Karwowska Türkmenistanyň Hökümetine koronariwus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýramagyna garşy göreşdäki umumy tagallalara goşýan ähmiýetli goşandy hem-de döwlet tarapyndan geljek aýyň başynda BSGG-nyň Bilermenleriniň missiýasynyň Türkmenistana saparynyň guramaçylygyna berýän hemmetaraplaýyn ýardamlary üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Şunuň bilen birlikde hem BSGG-nyň wekili Türkmenistanyň abraýly halkara guramalarynyň berýän maslahatlaryna eýermek bilen saglygy goraýyş ulgamyndaky syýasatynyň ilerledilmeginde ähmiýetli üstünlikleri gazanandygyny hem nygtady. Wekil şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen ählimumy sanjym maksatnamalarynyň we taslamalarynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygyny dowam etdirýändigini hem belledi, çünki ol aýratyn howply ýokanç keselleriniň öňüniň alynmagynda we olara garşy gönükdirilen göreşde özüniň aýratyn netijeliligini subut edendir.

Şeýle hem BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy N.German, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ý.Panowa, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Ýolbaşçysy N.Drozd dagylar hem öz çykyşlarynda pandemiýa garşy göreşiň giň ugurlary babatynda türkmen tarapynyň gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen işjeň hem-de açyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna taýýarlygyna we ymtylyşlaryna ýokary baha berdiler.