DAŞKENTDÄKI DUŞUŞYGYŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-AMERIKAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 15-nji iýulda Daşkentde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Prezidentiniň Içerki howpsuzlygyň meseleleri boýunça Geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendal bilen duşuşdy. Duşuşyga şeýle-de ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek meseleleri boýunça Ýörite wekili Zalmaý Halilzad gatnaşdy.

Taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny, hususan-da, howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, sebitdäki we onuň daşyndaky häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen özara hereketleriň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn mehanizmleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň ýakyn goňşy döwleti bolan Owganystandaky ýagdaýlar boýunça pikirler alşyldy. Syýasy-diplomatik tagallalar arkaly Owganystanda parahatçylygy ilerletmek babatda türkmen tarapynyň garaýyşlary beýan edildi. Owgan tarapy bilen bilelikdäki taslamalaryň, hususan-da, durmuş-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada gürrüň edildi.  

Şunuň bilen baglylykda, taraplar anyk netijeleri gazanmak ugrunda “Türkmenistan-ABŞ-Owganystan” formatdaky hereketleri işjeňleşdirmek barada pikir alyşdylar.