TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY

photo

2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menziline gondy.

Uçaryň öňünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow hem-de beýleki resmi adamlar, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni howa menzilinden “Ýangi Uzbekiston” seýilgähine tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy goňşy döwletiň resmi adamlary we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz “Garaşsyzlyk” ýadygärligine ajaýyp gül dessesini goýdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna tarap ugraýar.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni “Kuksaroý” köşgüne geldi. Merkezi girelgäniň öňünde belent mertebeli myhmany özbek Lideri mähirli mübärekledi.

Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soň iki ýurduň Liderleri “Kuksaroý” köşgüne girdiler. Bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soň, ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.