RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Apr

Duşenbede türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, netijeli işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri 2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde geçirilen bilelikdäki işewürlik maslahatynyň barşynda aýdyňlyk bilen görkezildi. Oňa iki ýurduň hususy ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen duşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyny nazara al...

DOWAMY
pic
5 Apr

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Täjigistanyň çagalaryna sowgat iberildi

2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan dostlukly täjik halkynyň çagalaryna sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy t...

DOWAMY
pic
4 Apr

PDIM-niň Merkezi Aziýa we YHG bölüminiň baş direktory bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we YHG bölüminiň täze bellenen baş direktory Aizaz Khan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar we 2024-nji ýylda ikitaraplaýyn saparlara we bilelikdäki çärelere taýýarlyk görmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy bilelikdäki taslamalaryň - Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TAPI) gaz geçi...

DOWAMY
pic
4 Apr

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi sapary başlandy

2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Häzirki wagtda iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluk ýörelgelerine, ruhy, taryhy we medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-täjik g...

DOWAMY
pic
4 Apr

Türkmenistanda Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Darýa Bawdaž Kuretden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi öz gezeginde, Sloweniýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedow...

DOWAMY
pic
3 Apr

Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Darýa Bawdaž Kuret bilen duşuşyk geçirdi we ondan ynanç hatynyň nusgasyny kabul etdi. M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny aýtdy. Soňra taraplar döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugu...

DOWAMY
pic
3 Apr

Türkmenistanyň ilçisi we Päkistanyň söwda ministri söwdany ösdürmegiň strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar

2024-nji ýylyň 03-nji aprelinde Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow Päkistanyň Söwda ministrliginde Federal söwda ministri Jam Kamal Han bilen duşuşdy. Türkmenistanyň ilçisi Federal söwda ministrini ýakynda täze wezipä bellenmegi mysybetli gutlady we iki dogan ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikler arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda, türkmen-päkistan gatnaşyklarynyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we özara hormat we deňlik ýörelgelerine esaslanýan hyzmat...

DOWAMY