TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
2024-nji ýylyň 27-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewi kabul etdi. K.Omuraliýew Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türki Döwletleriň Guramasynyň onda synçy döwlet derejesine eýe bolan ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet...
BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (BMG-Syýahatçylyk) Baş sekretary Türkmenistanyň DIM-nde duşuşyk geçirdi
Şu gün, 2024-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly Halkara maslahata gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (BMG-Syýahatçylyk) Baş sekretary Zurab Pololikaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy. Halkara maslahata gatnaşmaga geleni üçin Guramanyň Baş sekretaryna minnetdarl...
Türkmenistanyň DIM-nde Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
2024-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş Sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda ministr türki döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ulgamlaýyn esasda giňeltmek we pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşar...
Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy
2024-nji ýylyň 27-nji martynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Baky ş.) Kristofer Alberto Martines Berroteran bilen duşuşyk geçirdi we ondan ynanç hatlarynyň nusgasyny kabul etdi. A.Gurbanow Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny aýtdy. Soňra taraplar döwleta...
Türkmenistanyň DIM-nde Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we Türkmenistan bilen Sebit merkeziniň bilelikdäki işleriniň dürli taraplary seljerildi. Türkmenistan bilen BMG-niň Sebit merkeziniň...
Türkmenistanyň Ilçisiniň Päkistanyň Federal Nebit ministri bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň ilçisi Atadjan Mowlamow Päkistanyň Federal Nebit ministri Dr. Musadik Malik bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda, Ilçi Päkistanyň Federal Nebit ministrini täze wezipä bellenmegi mynasybetli gutlady we energiýa pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrundaky işinde üstünlikleri arzuw etdi. Päkistanyň ministri Dr. Musadik TOPH gaz geçirijisi flagman taslamasy bolup durýandygy barada belledi we Päkistanda gaz ýetmezçiligini ýeňip geçmek...
Туркменистан и ТЮРКСОЙ нацелены на дальнейшее укрепление многопланового сотрудничества
25 марта 2024 года в здании МИД Туркменистана состоялась встреча Министра иностранных дел Туркменистана Рашида Мередова с делегацией во главе с Генеральным секретарем Международной организации тюркской культуры (ТЮРКСОЙ) Султанбаем Раевым, прибывшим для участия в торжественном мероприятии, посвященным объявлению древнего туркменского города Анау – культурной столицей тюркского мира 2024 года. После слов признательности Генеральному секретарю Организации за участие в торжествах, состоялся дета...