SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Ilçisi Päkistanyň Ykdysadyýet ministrliginiň sekretary bilen ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy maslahat etdi
24-nji fewralda Päkistanyň Ykdysadyýet ministrliginde Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A. Möwlamow Ykdysadyýet ministrliginiň Sekretary Muhammed Humair Karim bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar türkmen–päkistan söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasan hem energiýa, ulag we üstaşyr ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, şol sanda bilelikdäki energiýa we infrastruktura taslamalary ilerletmek bilen baglanyşykly mese...
Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky energiýa dialogy sebitleýin baglanyşyklary berkidýär
24-nji fewralda Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Ilçisi A. Möwlamow bilen Päkistanyň Federal Energetika ministri Sardar Awais Ahmad Han Legariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda elektrik energiýasy ulgamynda bar bolan bilelikdäki taslamalary öňe ilerletmek hem-de sebitara energiýa arabaglanyşygyny berkitmek boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar infrastruktura taslamalarynyň amala aşyrylmagynyň we iki ýurduň arasynda durnukly energiýa üpjünçiligi...
Türkmenistan-Amerikanyň Birleşen Ştatlary: ygtybarly häsiýete eýe bolan gatnaşyklar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna geldi. Dostlukly ýurduň halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ös...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýusy
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde ýurdumyzyň dünýäniň syýasy-ykdysady giňişliginde eýeleýän orny barha pugtalandyrylýar, dünýä ýurtlary we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ saparynyň çäklerinde millionlarça teletomaşaçylary bolan “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Ri...
Yslamabatda Türkmenistanyň we Efiopiýanyň Ilçileri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşdylar
20-nji fewralda Türkmenistanyň Ilçisi A. Möwlamow Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Päkistana täze bellenen ilçisi Omer Huseýn Obany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmen Ilçisi kärdeşini täze wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa Päkistandaky diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Taraplar Türkmen–Efiopiýa gatnaşyklaryny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, syýasy dialogy giňeltmäge we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny tassyklad...
Türkmenistanyň DIM-inde 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça ilkinji maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ilkinji maslahat geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hödürlenen Meýilnama boýunça umumy maglumat berildi. Resminama guramaçylyk-usuly, ylmy-amaly, bilim, halkara hem-de maglumat-aragatnaşyk çäreleriniň toplumy...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ykjam telefonlar üçin goşundysy işe girizildi. Goşundy ulanyjylara gündelik täzelikler, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligiň we onuň ulgamyna girýän edaralaryň, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryň işi barada maglumatlar bilen tanyşmaga hem-de ýerli ulanyjylara konsullyk hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin onlaýn nobata d...