SOŇKY HABARLAR
Türkmen-Päkistan duşuşygynda parlament diplomatiýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk üns merkezinde
26-njy fewralda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Päkistanyň Senatynyň agzasy Çaudri Abid Şer Aliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini, özara haryt dolanyşygyny artdyrmagyň ugurlaryny, şeýle hem syýahatçylyk, medeniýet, bilim we ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrma...
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar maliýe-maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ministr R.Meredow ykdysady ösüş strategiýasyny amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge, şo...
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Parlamentindäki duşuşyklar
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Jemgyýet palatasynyň başlygy Lindsi Hoýl bilen duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy parlamentara gatnaşyklary berkitmek boýunça alnyp barylýan yzygiderli tagallalar üçin hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, 2011-nji ýylda gol çekilen Özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň düzgünleriniň...
Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň atçylyk gwardiýasynyň ýerleşýän ýerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri Lord Rodni Kouker bilen duşuşygyna gatnaşdy. Geçirilen duşuşygyň çäklerinde sebit howpsuzlygy, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Beýik Britaniýanyň arasynda dialogy ösdürmek meseleleri ara...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Şazada Edward bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň hökümet binasy bolan Lankaster-hausda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Şazada Edward, Edinburg Gersogy bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-britan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de aýratyn-da medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtadylar. *** Şazada Edwardyň, Edinburg Gersogyny...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Birleşen Patyşalygyna sapary başlandy
2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Birleşen Patyşalygyna iş sapary başlandy. 25-nji fewralda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary Arsenio Dominges bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda deňiz ulaglary we halkara gämiçilik ulgamyndaky hy...
Türkmenistanyň Ilçisi we Päkistanyň Senatynyň Başlygy parlamentara hyzmatdaşlygy maslahat etdiler
25-nji fewralda Yslamabat şäherindäki Parlament binasynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi Atajan Möwlamow Päkistanyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusaf Reza Gilani bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen–päkistan parlamentara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem olar parlament dialogyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirip, özara bähbitli bilelikdäki infrastruktura hem-de energetika taslamalarynyň öňe ilerledi...