RSS

SOŇKY HABARLAR

22 Sen

TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT

2023-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tejribesi we geljegi” atly halkara maslahaty geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenis...

DOWAMY
22 Sen

TÜRKMENISTANYŇ ÇÖL EKOULGAMLARYNYŇ ÝUNESKO-NYŇ BÜTINDÜNÝÄ MIRASYNYŇ SANAWYNA GOŞULANDYGY BARADA

2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji mejlisinde Türkmenistanyň “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr”, “Repetek” we “Ýerajy” täsin çöl ekoulgamlary Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy tarapyndan bilelikde hödürlenýän “Turanyň sowuk gyş çölleri” transmilli nominasiýasynyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişe...

DOWAMY
22 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ABŞ-NYŇ PREZIDENTINIŇ HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI MESELELERI BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorka iş saparynyň çäklerinde ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili halkara gün tertibinde aýratyn üns berilýän ekologik ulgamdaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we ABŞ-ny...

DOWAMY
20 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 78-NJI SESSIÝASYNDA ÇYKYŞ ETDI

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu sessiýanyň gün tertibi okgunly ykdysady ösüşe ýardam bermek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine, howplaryna garşy durmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, adam hukuklary ýaly möhüm ugurlara we beýlekilere degişli meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Döwlet Baştutanymyz...

DOWAMY
20 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “C5+1” KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ BIRINJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy.  Bu sammit meseleleriň giň toplumyny, şol sanda sebit howpsuzlygy, söwda we özara baglanyşyk, howanyň üýtgemegi hem-de dolandyrmagy gowulandyrmak we kanunyň ileri tutulmagyny üpjün etmek maksady bilen dowam edýän özgertmeler bilen baglanyşykly me...

DOWAMY
20 Sen

MERKEZI AZIÝA WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ILKINJI FORUMY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň parlamentiniň wekiliýeti Seulda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň “Geljege gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek” atly ilkinji Maslahata gatnaşdy. Şeýle hem duşuşyga, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşç...

DOWAMY
19 Sen

Yslamabatda türkmen-päkistan medeni gatnaşyklarynyň ösüşi boýunça pikir alyşyldy

2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow Päkistan Yslam Respublikasynyň wagtlaýyn hökümetiniň Milli miras we medeniýet bölüminiň Federal ministri Saýed Jamal Şah bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda, Ilçi täze bellenen wezipesine girişmegi mynasybetli Saýed Jamal Şahy tüýs ýürekden gutlady we täze işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.          Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurdyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyklary...

DOWAMY