RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Apr

Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Darýa Bawdaž Kuret bilen duşuşyk geçirdi we ondan ynanç hatynyň nusgasyny kabul etdi. M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny aýtdy. Soňra taraplar döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugu...

DOWAMY
pic
3 Apr

Türkmenistanyň ilçisi we Päkistanyň söwda ministri söwdany ösdürmegiň strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar

2024-nji ýylyň 03-nji aprelinde Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow Päkistanyň Söwda ministrliginde Federal söwda ministri Jam Kamal Han bilen duşuşdy. Türkmenistanyň ilçisi Federal söwda ministrini ýakynda täze wezipä bellenmegi mysybetli gutlady we iki dogan ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikler arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda, türkmen-päkistan gatnaşyklarynyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we özara hormat we deňlik ýörelgelerine esaslanýan hyzmat...

DOWAMY
pic
2 Apr

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyryş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa, medeniýet we sungat, ylym we bilim ulgam...

DOWAMY
pic
2 Apr

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde MHG-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen MHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler. Şeýle-de Türkmenistan tarapyndan bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, adam söwdasyna garşy göreşmek mesel...

DOWAMY
pic
2 Apr

ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti Reýnhold Lopatka bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar soňky döwürde Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasynda energiýa howpsuzlygy, ulag aragatnaşygy we ekologiýa howpsuzlygy ýaly möhüm ugurlar boýunça gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar Türkmenistanyň ÝHHG-ny...

DOWAMY
pic
1 Apr

Türkmenistanyň ilçisi Päkistan Yslam Respublikasynyň prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Päkistandaky ilçisi Atadjan Möwlamow Päkistanyň prezidenti Asif Ali Zardarini bilen Aiwan-e-Sadr köşgünde duşuşdy. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň ilçisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Asif Ali Zardariny ikinji gezek Prezident wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Asi...

DOWAMY
pic
1 Apr

Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 31-nji martynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 61-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmekde hemişe işjeň orny eýeleýä...

DOWAMY