RSS

SOŇKY HABARLAR

28 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE EÝRANYŇ WEKILÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň hakimi Ali Mohammad Zanganeniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmaga gelen wekilýet bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen EYR-nyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtap geçdiler. Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen...

DOWAMY
28 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdy. Diplomat Türkmenistanyň Prezidentine Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň iberen mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyn...

DOWAMY
28 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «CLAAS» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY, GERMAN YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GFR-iň «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzeri kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şunda «CLAAS» kompaniýasynyň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygy tassyklanyldy, munuň üçin ýurdumy...

DOWAMY
28 Sen

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY RUSSIÝANYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ýokary derejeli myhman Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady we Tatarystan Respublikasynda türkmen halkynyň Mil...

DOWAMY
28 Sen

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY «JOHN DEERE» KOMPANIÝASYNYŇ OBA HOJALYK BÖLÜMINIŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «John Deere» amerikan kompaniýasynyň oba hojalyk bölüminiň prezidenti Mark fon Pents bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda myhman Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutlady we ýurdumyzyň halkyna abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzda obasenagat toplumy...

DOWAMY
28 Sen

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERINIŇ «CLAAS» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY, GERMAN YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GFR-iň «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda myhman Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine, ähli türkmenistanlylara iň gowy arzuwlaryny...

DOWAMY
28 Sen

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY “BOUYGUES” KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bouygues” kompaniýalar toparynyň baş direktory Marten Buig bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, bu ugurda öňdebaryjy tejribäni, innowasiýa tehnologiý...

DOWAMY