Türkmenistanyň ilçisi Yslamabatda SIFC sekretary bilen duşuşyk geçirdi

photo

2025-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Päkistanyň Maýa goýumlara ýardam bermek boýunça ýörite geňeşiniň (SIFC) sekretary Jamil Ahmad Kureşi bilen duşuşyk geçirdi.

Özara salamlaşmadan soňra, A.Möwlamow Päkistan tarapyna Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly soňky ýagdaýlar barada gürrüň berdi. Ol Owganystanyň Turgundy-Hyrat böleginde gaz geçirijiniň gurluşygynyň gidişi barada belläp geçdi.

Taraplar sebite uly göwrümli maýa goýumlary çekjek we sebit ýurtlaryň energiýa howpsuzlygyna we ykdysady integrasiýasyna goşant goşjak taslamanyň strategiki ähmiýetini bellediler. Türkmenistanyň ilçisi TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň sebitde özara düşünişmegi we parahatçylygy berkitmäge itergi berjekdigini aýtdy.

Şeýle-de, duşuşykda iki ýurduň arasyndaky beýleki bilelikdäki energiýa we infrastruktura başlangyçlary, şol sanda TOP (Türkmenistan-Owganystan-Päkistan) taslamasyny öňe ilerletmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

SIFC sekretary J.A. Kureşi, Türkmenistanyň hökümetiniň Päkistan bilen energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işjeň hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi we öz ýurdunyň TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar energiýa we söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de sebitara arabaglanyşygy has-da pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny bellediler.