Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Yslamabatdaky ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 18-nji awgustynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Päkistandaky täze ilçisi hanym Ina Lepel Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasyna bardy.
Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen bolan duşuşykda taraplar sebitleýin ösüş we umumy ileri tutulýan ugurlar barada netijeli söhbetdeşlik geçirdiler. Iki tarap hem durnuklylygy ýokarlandyrmak, parahatçylygy berkitmek we sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda ygrarlydyklaryny mälim etdiler.
Ilçi A.Möwlamow hanym Ina Lepele Päkistan bilen Owganystanyň gatnaşmagynda Türkmenistan tarapyndan başlanan infrastruktura we energiýa taslamalary barada gürrüň berdi hem-de ykdysady ösüşi we sebitara baglanyşygy ösdürmek mümkinçiligine ünsi çekdi.
Ilçi Ina Lepel hem öz gezeginde bu başlangyçlaryň strategiki ähmiýete evedigini tassyklap, nemes kompaniýalarynyň bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak üçin mümkinçilikleri gözleýändigini aýtdy.
Duşuşyk Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn, sebitleýin we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirmek bilen tamamlandy.