Liwanyň Päkistana bellenen täze Ilçisi Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Liwan Respublikasynyň Päkistana täze bellenen Ilçisi Abdulaziz Issa Diplomatik Korpusyň Duaýeni, Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A.Möwlamow bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Ilçisi Liwanyň Ilçisini Päkistandaky diplomatik işine başlamagy bilen mähirli gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem, ol liwanly kärdeşine Diplomatik Korpusyň alyp barýan işleri, ýakyn wagtda meýilleşdirilýän çäreler we Päkistanyň hökümet edaralary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi.

Şeýle hem, taraplar Türkmenistan bilen Liwanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary maslahat edip, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda gepleşikleri we hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Liwanyň Ilçisi mähirli kabul edişlik we Diplomatik Korpusyň işleri bilen tanyşdyrylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi.

Taraplar Yslamabatdaky diplomatik bileleşigiň çäginde gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ýakyn aragatnaşykda bolmak barada ylalaşdylar.