Päkistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-päkistan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy

photo

2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ilçisi A. Möwlamow Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlar we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy boýunça Departamentiniň Baş direktory Hasan Ali Zaigam bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda taraplar türkmen-päkistan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady, energiýa, ulag we üstaşyr gatnawlary, şeýle hem medeni we ynsanperwer ýaly özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem taraplar sebitleýin wakalar hem-de olaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklara täsiri barada pikir alyşdylar.

Soňra, Ilçi A.Möwlamow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan "Diplomatic Insight" žurnalynyň ýörite sanynyň çap edilendigi barada mälim edip, onda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, oňyn bitaraplyk syýasaty hem-de parahatçylygy, durnukly ösüşi we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen global tagallalara goşýan goşantlarynyň beýan edilendigini belledi. Žurnal bilen ýakyndan tanyşmak we ony Päkistanyň gyzyklanma bildirýän hökümet we jemgyýetçilik edaralaryna paýlamak üçin Ilçi žurnalyň birnäçe nusgasyny päkistan tarapyna gowşurdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassyklap, bu hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenmek üçin dürli derejelerde yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.