img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Yslamabat şäherinde Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda hünär we tehniki bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A. Möwlamow, Päkistanyň Milli hünär we tehniki taýýarlyk komissiýasynyň (NAVTTC) başlygy hanym Gulmina Bilal Ahmad bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda öňdebaryjy tejribäniň alyş-çalyş edilmegine, bilelikdäki mümkinçilikleri artdyrmak boýunça maksatnamalaryň işlenip taýýarlanylmagyna, şeýle hem tehniki we hünär bilimiň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar gepleşikleri we maglumat alyş-çalşygyny dowam etdirmek, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän bilelikdäki bilim-hünär taslamalaryny we maksatnamalaryny, şol sanda Türkmenistanda urdu dilini okatmagy we öwrenmegi ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.