Yslamabatda Türkmen-Päkistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky (Yslamabat ş.) Ilçihanasynda Päkistanyň iri telekeçiler birleşikleriniň biri bolan Lahor söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete edaranyň Baş sekretary Şahid Halil ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda Lahor söwda-senagat edarasynyň wekilleri iki ýurduň işewürlik jemgyýetleriniň arasyndaky iş ýüzündäki gatnaşyklary giňeltmek we täze mümkinçilikleri öwrenmek maksady bilen, Ilçihana bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.
Türkmen tarapy, öz gezeginde, ýurduň hökümet ýolbaşçylary tarapyndan amala aşyrylýan özgertmeler barada giňişleýin maglumat berdi. Bu özgertmeleriň daşary söwdanyň ösmegine we Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine has işjeň gatnaşmagyna uly itergi berýändigi nygtaldy.
Şeýle hem, myhmanlara Türkmenistanyň ägirt uly tebigy gaz gorlary, nebit önümleri, dokma we oba hojalyk harytlarynyň eksporty esasynda ýokarlanýan söwda-eksport mümkinçilikleri barada gürrüň berildi.
Şonuň ýaly-da, şu ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän we dünýäniň dürli künjeklerinden ýüzlerçe telekeçileri bir ýere jemleýän halkara işewürlik forumlaryna aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli söwda gatnaşyklarynyň täze ýollaryny tapmaga we iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki forumlara we sergilere işewürleriň işjeň gatnaşmaklaryna bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.