RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Iýun

Yslamabatda Türkmenistan bilen Şri-Lankanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Päkistanda täze bellenen Ilçisi Fred Senewiratne Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy we Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda Ilçi A.Möwlamow myhmany Yslamabatda diplomatik işine başlamagy bilen gutlady we täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşykda taraplar sebitdäki häzirki ýagdaýlar we Türkmenistan bilen Şri-Lankanyň arasynda ikitaraplaýyn söwda we ykdysady hyz...

DOWAMY
pic
30 Iýun

Pakistan Yslam Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Farýal Legari bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda hanym Legari ynanç hatynyň nusgalaryny türkmen tarapyna gowşurdy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde hemmetaraplaýyn ýardamy bermäge taýýardygyny beýan etdi....

DOWAMY
pic
30 Iýun

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistana gelmäge hemişe şatdygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni we Arkadag şäheriniň iki ýyllygy bilen mähirli gutlady hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak...

DOWAMY
pic
30 Iýun

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen, şeýle hem sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür, umum...

DOWAMY
pic
30 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi

2025-nji ýylyň 29-njy iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo Nagamatsuny kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Işewür ak mermerli Aşgabadyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy “akylly...

DOWAMY
pic
29 Iýun

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen ajaýyp Arkadag şäheriniň iki ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşmagynyň öz...

DOWAMY
pic
29 Iýun

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kenji Sanada bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderini öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalar esasynda gurlan hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag “akylly” şäheriň açy...

DOWAMY