TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmen wekiliýeti Sebitleýin ulag ministrleriniň konferensiýasyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 23–24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Awtomobil ulag ministrliginiň Halkara gatnaşyklar we logistika bölüminiň başlygy Kakajan Ýagmyrowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmen wekiliýeti Päkistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan Yslamabat şäherinde gurnalan Sebitleýin ulag ministrleriniň konferensiýasyna (RTMC 2025) gatnaşdy. Konferensiýanyň dowamynda Türkmen wekiliýeti öz çykyşynda ýurdumyzyň üstaşyr, ulag we logistika mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Şeýle hem, Türkmenistanyň sebi...
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem köpçülikleýi...
Aşgabatda Halkara nebitgaz forumy öz işine başlady
2025-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, belli nebitgaz kompaniýalarynyň, maliýe edaralarynyň hünärmenleri, bilermenler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar b...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Owganystana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy. Abdul Gani Baradar türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara Owganystanda ýokary baha berilýändigini belledi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Owganyst...
Gahryman Arkadagymyz Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata berdi
2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat—Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Rabat-Sangi etrabynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk meýdançasynda T...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamasy kabul edildi
2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamasyna seredildi we biragyzdan kabul edildi. Bu resminama gün tertibiniň «Birleşen Milletler Guramasynyň ykdysady, durmuş we ýanaşyk ugurlardaky iri maslahatlarynyň we ýokary derejeli duşuşyklarynyň çözgütleriniň utgaşykly we toplumlaýyn durmuşa geçirilmegi hem-de olaryň netijeleri boýunça alnyp barylýan işler» atly 13-nj...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň orunbasary, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň ulgamyna girýän edara...