RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Sen

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy

2025-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy. Pekiniň Týananmen meýdançasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde dabaraly harby ýöriş geçirildi. Bu dabaraly ýöriş Hytaýyň parahatçylyga, milli gahrymanlaryň ýagty ýadyg...

DOWAMY
pic
2 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pekin şäherine ugramak üçin Týanszin şäheriniň demir ýol menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary dabaraly ýagdaýda ugratdylar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypa açylýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer ulgam...

DOWAMY
pic
2 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

Şu gün Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, ŞHG-niň sammitine gatnaşandygy üç...

DOWAMY
pic
2 Sen

Türkmenistanyň wekiliýeti Bled strategik forumynyň işine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 1–2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bledde (Sloweniýa) geçirilen Bled strategiki forumynyň işine gatnaşdy. Türkmen wekiliýeti bu halkara çekişme platformasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Forumyň çäklerinde M.Bäşimowa Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi we ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylan «The Centrality of Centra...

DOWAMY
pic
2 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy. HHR-iň Başlygy Si Szinpin duşuşygy açyp, çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi we «ŞHG+» formatynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Başlyk Si Szinpin sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen anyk ädimleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, duşuşygyň net...

DOWAMY
pic
2 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Türkmenistan — Hytaý: dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda»

Hormatly hytaýly dostlar! Ilki bilen, “Ženmin Žibao” gazetiniň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň öň ýanynda şu makalany çap etmek başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirýärin. Men muňa taýýardygymy beýan etdim. Şeýle uly we abraýly neşiriň köpmillionly okyjylaryna göni ýüzlenmek olara Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň düýp mazmunyny gowy bilmäge, biziň halklarymyzyň hatyrasyna we düýpli b...

DOWAMY
pic
1 Sen

Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen bu waka milli bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleri häzirki wag...

DOWAMY