TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçy düzümi we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHB...
Türkmenistanyň ilçihanasy Yslamabatda Ýüpek ýoly medeni merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň ilçihanasy Yslamabatda Ýüpek ýoly medeni merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Gazagystanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Hytaýyň we Özbegistanyň Ilçihanalary hem gatnaşdy. Bu waka taryhy Ýüpek ýolunyň ugrundaky halklaryň arasynda jebislik we medeni alyş-çalyş ruhuny alamatlandyrdy. Açylyş dabarasyna görnükli diplomatlar, medeni işgärler we wezipeli adamlar gatnaşdy, gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky umumy mirasy we berk gatnaşyklary açyp gö...
Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Yslamabat ş.) Jemal Beker Abdulanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we Türkmenistanda bolýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda...
Ýaponiýanyň ilçisi Türkmenistanyň Päkistandaky ilçihanasyna bardy
2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi A.Möwlamow Ýaponiýanyň bu ýurtda täze bellenen ilçisi Akamatsu Şuiçini Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki ilçihanasynda kabul etdi. Duşuşykda A.Möwlamow Ýaponiýanyň ilçisini Päkistandaky diplomatik korpusyň ýaşaýyş we iş şertleri, şeýle hem diplomatik korpusyň duaýeniniň işi bilen tanyşdyrdy. Türkmen ilçisi Ýaponiýanyň Päkistandaky täze bellenen ilçisi bilen netijeli we özara peýdaly hyzmatdaşlyga bil...
Türkmen ilçisi Päkistanyň Federal nebit ministri bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçisi A.Möwlamow Yslamabat şäherinde Päkistanyň Federal nebit ministri Musadik Malik bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň energetika pudagynda bar bolan hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, sebit üçin möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy bilen bagly meselelere seredildi. Türkmen tarapy TOPH gaz geç...
Türkmenistanyň ilçisi Päkistanyň Senatynyň başlygy bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atadjan Mowlamow Pakistanyň Senatynyň başlygy Seýid Yusuf Raza Gilani bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklaryny we halkara arenasyndaky gatnaşyklary we ikitaraplaýyn we üstaşyr söwdanyň ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
BILDIRIŞ
Häzirki wagtda internet torlarynda (sosial mediýalarda) daşary ýurtlarda wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň biometrik pasportlarynyň möhletleriniň 2025-nji ýyla çenli uzaltmalaryň dowam edýändigi barada galp we nädogry maglumatlaryň ýaýradylýandygyna dykgatyňyzy çekýäris. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 9-njy maýyndaky «Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylandygy barada be...