RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Iýun

Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň sebit wekili bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň (UNODC) sebit wekili Aşita Mittalyň arasynda duşuşyk geçirildi Duşuşygyň barşynda taraplar bu guramanyň taslamalarynyň we neşeleriň bikanun dolanşygynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça degişli sebitleýin we halkara gurallarynyň çäklerinde Türkmenistan bilen UNODC-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar....

DOWAMY
pic
11 Iýun

Türkmenistanyň DIM-nde HGHK-nyň Merkezi Aziýadaky sebit wekilçiliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebit wekilçiliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary Žak Barberisiň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen HGHK-nyň dürli ugurlardaky özara gatnaşyklarynyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem HGHK-nyň sebitiň çäklerinde, hususan-da Türkmenistanda häzirki wagtda alyp barýa...

DOWAMY
pic
11 Iýun

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Günüň ikinji ýarymynda belent mertebeli myhman motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkme...

DOWAMY
pic
10 Iýun

Türkmenistanyň Ilçisi Tunisiň Ilçihanasyna baryp gynanç bildirdi

2024-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçisi Atadjan Möwlamow Tunisiň Ilçihanasyna baryp, Tunisiň Yslamabatdaky Ilçisi Borhene El Kamel aradan çykmagyna gynanç bildirmek üçin Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.

DOWAMY
pic
6 Iýun

Türkmenistanyň Ilçisi Täjigistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň ilçisi, Atadjan Möwlamow Täjigistan Respublikasynyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi Şerifzoda Ýousuf Toir bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar sebitdäki wakalary we iki dogan ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

DOWAMY
pic
6 Iýun

Päkistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi Atadjan Möwlamow bilen Daşary işler ministriň orunbasary (ME, SIFC & ED) Rizwan Said Şeýh bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki dogan we dostlukly ýurduň halkynyň peýdasyna ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary güýçlendirme...

DOWAMY
pic
1 Iýun

Yslamabatda Bütindünýä welosiped güni 2024 bellenildi

Päkistanyň Yslam Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy Päkistanyň Daşary işler ministrligi we Serena myhmanhanalary bilen bilelikde sagdyn durmuş ýörelgelerini we ekologiýa taýdan arassa ulag usullaryny wagyz etmek maksady bilen “Bütindünýä welosiped güni 2024” dabarasyny gurady. köp durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönüden-göni goşant goşýar. Tigir sürmek D-Chokdan başlap Serena işewürlik toplumynda gatnaşyjylara sagdyn sowuk içgiler hödürlemek bilen tamamlandy. Bu çärä diplomatla...

DOWAMY