SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi
2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Mihal Mlynary mähirli mübärekläp, onuň Aşgabada saparynyň Türkmenistan bilen UN-Habitat-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-Habitat-yň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji M.Mlynaryň ýolbaşçylygyndaky BMG-Habitat-yň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen BMG-Habitat-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi dogrusynda pikir alyşyldy. Gepleşikleriň çäklerinde tar...
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Daşkent şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplaryň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri B.Saidow ýolbaşçylyk etdiler. Ministrler türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň depgini barada nygtamak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňe gitmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetini bel...
Türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygynyň maksatnamasynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Özbegistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuham...
Türkmenistanyň wekiliýeti «AADHG + MA» Strategik dialogyň Ikinji Ministrler duşuşygyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Taşkent şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa» (AADHG + MA) Strategik dialogyň Ikinji Ministrler duşuşygyna gatnaşdy. Forumyň işine Merkezi Aziýa we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine girýän 6 döwletiň – Saud Arabystan Patyşalygynyň, BAE-niň, Katar Döwletiniň, Kuweýt Döwl...
Türkmenistanyň ilçisi Päkistanyň Milli kitaphanasynyň baş müdiri bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň ilçisi, Atadjan Möwlamow Päkistanyň Milli kitaphanasynyň baş müdiri Asif Ykbal Han bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen Päkistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary, esasanam kitaphanalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada pikirler alyşyldy.
Türkmenistanyň ilçisi Harun Şerif (öňki Döwlet ministri we 2018-19-njy ýyllarda Päkistanyň Maýa goýum geňeşiniň başlygy) bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň ilçisi, Atadjan Möwlamow Harun Şerif (öňki döwlet ministri we 2018-19-njy ýyllarda Päkistanyň maýa goýum geňeşiniň başlygy) bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar sebitiň ykdysadyýetiniň hususy pudaklarynda ösüş hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.