TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasy haýyr-sahawat çäresine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 25-nji maýynda Yslamabatdaky Türkmenistanyň ilçihanasy Yslamabadyň Daşary ýurt aýallar birleşigi (IFWA) we Serena myhmanhanasy tarapyndan gurnalan "Taste the World" haýyr-sahawat çäresine gatnaşdy. Yslamabatdaky Serena myhmanhanasynda geçirilen bu çärä diplomatik wekilhanalar gatnaşyp, olaryň her biri öz ýurdunyň milli tagamlaryny hödürledi. Has takygy, bu milli tagamlar festiwalyna Amerika, Ýewropa, Afrika, Ýakyn Gündogar we Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Ilçihana...
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda "Magtymguly Pyragy" çeper filmi görkezildi
2025-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasy Päkistanda ýaşaýan owgan türkmen diasporasynyň wekilleri üçin “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň görkezilişini gurnady. Çäräniň başynda myhmanlara “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň 2024-nji ýylda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp türkmen we özbek kinematograflary tarapyndan bilelikde surata düşürilendigi habar berildi. Tomaşaçylar medeni mirasy gorap saklamagyň we wagyz etmegiň serişdesi hökmünde hyzmat et...
Türkmenistanyň ilçihanasynda Päkistanyň öňki Federal saglygy goraýyş ministri bilen duşuşyk barada
2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen Päkistanyň öňki Federal saglygy goraýyş ministri Nadim Janyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Nadim Jan ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berip, özara bähbitli dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdi. Ilçi A.Möwlamow oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň d...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 19-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de wise-prezident Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli salamlaşyp, dost-doganlyga esaslanýan hem-de yzygiderli ösdür...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 17-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde bolmagynyň çäklerinde Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýak bilen duşuşdy. Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildi...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri we dostlukly ýurduň Baştutany birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasynda yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdiler....
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň duşuşygy
Foruma gatnaşmagynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. R.Minnihanow Milli Liderimizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, belent mertebeli myhmana “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Kazana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygy pugta...