TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady we şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşdy. Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde türkm...
Türkmenistanyň ilçisi Yslamabatda SIFC sekretary bilen duşuşyk geçirdi
2025-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Päkistanyň Maýa goýumlara ýardam bermek boýunça ýörite geňeşiniň (SIFC) sekretary Jamil Ahmad Kureşi bilen duşuşyk geçirdi. Özara salamlaşmadan soňra, A.Möwlamow Päkistan tarapyna Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly soňky ýagdaýlar barada gürrüň berdi. Ol Owganystanyň Turgundy-Hyrat böleginde gaz geçirijiniň gurluşygynyň gidişi barada belläp geçdi. Taraplar...
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
2025-nji ýylyň 9-njy maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady we şol ýerde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşdy. “Wnukowo — 2” Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Prezident Serdar Berdimuhamedow “Prawda” we “Sowet Türkmenistany” gazetleriniň 1945-nji ýyldaky...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşygy geçirildi. Bilelikde ýadygärlik surata düşmek dabarasyndan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň arasynda gepleşikler geçirildi. Prezident Emmanuel Makron belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Fransiýa gelmäge çak...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasyna resmi sapary barada
2025-nji ýylyň 5-6-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Saparyň maksatnamasy örän baý boldy. Pariže gelenden soňra Gahryman Arkadagymyz Fransiýanyň resmi wekili bilen duşuşdy. Dostlukly ýurduň wekili Fransiýanyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Türkm...
Päkistanyň Daşary işler ministrliginde Merkezi Aziýa ýurtlary bölüminiň direktory bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy maýynda Päkistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasynyň 1-nji sekretary (konsuly) B. Ýazow we 3-nji sekretary E. Permanow bilen Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bölüminiň direktory hanym Aaýza Şujatyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň häzirki meseleleri we olary mundan beýläk-de öňe ilerletmek üçin geçirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy....
Türkmenistanyň Päkistandaky ilçihanasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäräniň başynda 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny baýram etmegiň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň halka hödürlenendigi barada aý...